Авіяцыя ў Беларусі

Belorussiýada iş awiasiýasy ýokary derejede  ösüşlere eýe bolýar. Işi şowly telekeçiler, uly guramalar, jemgyýetiň görnükli şahslary AVIAV TM (Cofrance SARL) üsti bilen hususy uçary ýa – da dikuçary kireýine almak mümkinçiligine eýe bolýarlar.

Bu kompaniýa awiasiýanyň iş bazarynda 2005 – nji ýylda işe başlady we döredilen gününden başlap Belorussiýada öz wekilçiligine eýe boldy. Internet arkaly şahsy gatnawlary bronlamagyň häzirki zaman hyzmaty döredildi. Onuň kömegi bilen gerekli ugurda internet arkaly hususy uçary sargamak mümkin, elektron şertnamasyny baglaşyp, tölegi amala aşyrmak mümkin. Amallaryň ählisi üçin jemi 5 minut wagt sarp edilýar, bu bolsa wagtyň gadryny bilýän şahslar üçin iň amatly ýoly bolup durýar.

 

Belorussiýada hususy uçary kireýine almagyň bähbitli taraplary

  1. Siz howaçylyk kompaniýalarynyň gatnaw sanawynda ýok bolan ugurlara göni gatnawy bilen dünýäniň islendik nokadyna uçup bilersiňiz.
  2. Ýolagçylaryň howa menzilinde hasaba alyş işleri üçin  sarp edýan 5 sagadyny tygşytlap bilersiňiz.
  3. AVIAV TM (Cofrance SARL) kompaniýasy ähli resminamalary öz üstüne alýar: kireýine almak boýunça şertnamany, gatnaw üçin rugsadyň alynmagyny üpjün edýär, wiza we ýolagçylaryň lukmançylyk ätiýaçlandyrmasy.
  4. Siz  özüňize ýakyn adamlaryň we kärdeşleriňiziň gurşap almagynda bolýarsyňyz, sizi hiç kim bimaza edip bilmez.
  5. Hususy howa gämisinde, howanyň gözegçilik edilmegi, aýratyn ýagtylandyrma, giň arkaýyn ýatyrylýan kürsi, multimediýa güýmenjeler ulgamy ýaly  dowrebap oňaýlyklary döredilen.
  6.  Isleg bildiren ýagdaýyňyzda AVIAV TM (Cofrance SARL) kompaniýasynyň myhmanhana  bronirleme, howa menziline eltmek we alyp gaýtmak, howa gämisinde naharlanma, konsýerž hyzmatyndan peýdalanmak  ýaly goşmaça hyzmatlaryndan hem peýdalanmak mümkin

 

Hususy uçary sargamagyň düzgünleri

Belorussiýada hususy uçaryny AVIAV TM (Cofrance SARL) kompaniýasynyň web sahypasyna isleg ugradyp sargap bilersiňiz. Islegde:

  • uçuş nokadyny we maksadyny,
  • iki tarapyna gatnawyň senesini,
  • ýolagçylaryň sanyny,
  • el goşunyň takmynan agramyny we ululygyny,
  • uçuşa degişli islegler, aragatnaşyk maglumatlaryny görkeziň.

Şertnamanyň nusgasyny kompaniýanyň web sahypasyndan alyp bilersiňiz. Soňra, AVIAV TM (Cofrance SARL ) jogapkär işgäri gerekli ugur boýunça size uçarlaryň sany barada web sahypaňyza jogap berer. Onuň mazmunynda:

  • iki tarapa gatnawyň bahasy,
  • uçaryň kysymy we öndürilen ýyly,
  • salondaky ýerleriň sany,
  • uçuş wagty,
  • uçuş we gonuş wagty,
  • howa gämileriniň suratlary barada maglumatlar bar.

Özüňize laýyk gelýän görnüşini saýlap gatnawyň şertlerini sazlaşdyryp bilersiňiz.

Goşmaça hyzmatlara tölegleri aýratyn amala aşyrylýar. Bu barada AVIAV TM (Cofrance SARL) jogapkär işgäri bilen maslahatlaşyp bilersiňiz. Uçarda ýokary derejeli hyzmatlardan – wanna otagy, ýatylýan otagy, günortanlyk nahar we dürli içgiler, howa menziline eltmek, terjimeçiniň hyzmatlary, myhmanhana ýerleşdurmek ýalyhyzmatlaryndan peýdalanmak isleseňiz, bu barada sargydyň resmileşdirilmeginde habar edip bilersiňiz. Biz, islegleriňizi nazara alyp ähli zatlary öz içinde jemleýän uçuşy gurnap bereris.

 

AVIAV TM (Cofrance SARL) kompaniýasyny saýlamagynyzyň sebäpleri

  • Ýeke Belorussiýanyň däl, eýsem Ýewropanyň hem iş awiasiýa bazarynyň öňdebaryjysy diýip hasap edilýär.
  • Bu bazarda iş tejribesi 14 ýyl
  • Hususy uçarlaryň dünýä bazasyna ygtyýarynyň barlygy: müşderiler üçin uçarlaryň kysymyny we gatnawyň nyrhyny yzygider saýlamak.
  • Dünýäniň ähli ýurtlarynda ynamdar hyzmatdaşlarynyň barlygy.
  • Ýewropanyň, Aziýanyň, Demirgazyk Amerikanyň öňdebaryjy howa menzilleri bilen hyzmatdaşlygynyň barlygy
  • Kompaniýanyň işgärleri rus dilinde we ýewropa dilleriniň köpüsinde erkin gürleýärler (iňlis, fransuz, nemis, italýan, ispan).
  • Belorussiýada hususy uçaryny kompaniýanyň web sahypasynda gysga wagtyň içinde sargamak mümkin
  • Awiasiýanyň Avinode çarter ulgamynda öňdeberyjy ÝAIA (Ýewropa Awiasiýasynyň Iş – Asossiasiýasy), AMIA (Awiasiýanyň Milli Iş – Asossiasiýasy) ýaly abraýly iş – asossiasiýalarynyň agzasyna girmegi.
  • Ştatda öz hususy awiasion hukukçylarynyň bolmagy. Her bir şertnamanyň we maliýe işleriniň aýdyň amala aşyrylmagy. Müşderilere we olaryň isleglerine sypaýy garamaklary we gizlinligiň kepili.
  • 24 sagat arakesmesiz goldaw hyzmaty.

Sorag ýüze çykan ýagdaýynda ýüzlenip bilersiňiz? Isleg bildiren wagtyňyz habarlaşyp bilersiňiz. AVIAV TM (Cofrance SARL) size hemişe iş awiasiýasynyň dünýäsine  gapy açar!