Belorussiýadaky lukmançylyk awiasiýasy

Belorussiýadaky lukmançylyk awiasiýasy

Belorussiýadaky lukmançylyk awiasiýasy nämeden ybarat bolup durýar?  Onuň düzümine ýörite  enjamlaşdyrylan uçarlar, dikuçarlar, halas edijiler toparlary, lukmanlar we şepagat uýalary, şeýle – de hem AVIAV TM (Cofrance SARL) kompaniýasy degişli bolup durýar. Bu kompaniýa sanitar gatnawlaryna gije – gündiziňdowamynda  zaýawka kabul edýär.

Lukmançylyk uçarlary we dikuçarlary şu aşakda görkezilen maksatlary üçin ulanylýar:

  • gaýragoýulmasyz halas ediş çärelerini geçirmek,
  • Heläk bolanlary heläkçilik zonasyndan alyp çykmak,
  • gymyldamak gadagan edilen agyr hassalary daşamak,
  • hassany daşary ýurduň bejeriş merkezine eltmek,
  • soňky möhletinde bolan göwreli aýallary hassahana dogrum üçin ugratmak,
  • ýaş çagalay eneleri daşamak,
  • ýaşy ulylary we maýyplary syýahat etdirmek,
  • wepat bolanlaryň jesedini jaýlamaly ýerine eltmek.

 

Näme sebäpdän lukmançylyk awiasiýasy Belorussiýada meşhurlyga eýe bolan

Belorussiýa, Ýewropadaky dünýäniň öňdebaryjy lukmançylyk merkezleriniň ýerleşýän ýurdy bolan Fransiýa, Italiýa, Germaniýa, Ispaniýa, Izrail, Belgiýa, Awstriýa golaýynda ýerleşýär. Bu hassahanalarda seýrek duşýan keselleri bilen syrkawlan hassalar şypa tapýarlar. Bu hassahanalara ýetmek üçin  2-3 sagat wagt sarp etmeli. Saglyk we durmuş üçin göreşmäge mümkinçiligi ýüze çykan ýagdaýynda ony islendik ýoly bilen amala aşyrmaga çalyşmaly.

Hut şonuň üçin hem AVIAV TM (Cofrance SARL) kompaniýasy lukmançylyk gatnawlarynyň gurnalmagyna ýardam edýär:

  • Ýewropada saýlanan hassahana bilen amatly şertlerde şertnama baglaşmaga,
  • Howa menziline çenli we ondan yzyna transfer bilen üpjün etmäge,
  • Gatnaw wagtynda syrkawyň özüni rahat duýmagyna gözegçilik etmek üçin sanitarlar toparyny çagyrmaga,
  • Zerurlugy ýüze çykan ýagdaýynda inçe ugur boýunça lukmanynyň we reanimatolog lukmanynyň hassanyň ýany bilen gitmegini  üpjün etmek,
  • Wiza we ätiýaçlandyrmany resmileşdirmäge,
  • Ýany bilen bile barýan şahsyýetler hakda alada etmäge (iýmit,ýatak jaýy, lukmanlar bilen aragatnaşygy).

 

Lukmançylyk uçaryny kireýine almagyň usullary

Lukmançylyk uçarynynyň kireýine alynmagyny golaýda ýerleşýän howa menzilinden amala aşyrmak mümkin. Belorussiýanyň uly howa menzilleri bolan “Minsk”, “Brest”, “Gomel”, “Grodno”, “Witebsk” we başgalary gije – gündiziň dowamynda gatnawlary amala aşyrýarlar. Hususy uçarlary hem gezekli – gezegine taýýar durýarlar.

Читайте также:  Бясплатны правоз аднаго камплекту спартовага рыштунку

Belorussiýada lukmançylyk uçaryny kireýine almak üçin bu saýtda zaýawka bermek ýeterlik bolýar. Bu zaýawkaňyzda görkeziň:

  • Gatnawyň ugryny,
  • Gatnawyň wagtyny we senesini,
  • Hassanyň keseliniň kesgitlemesini we onuň häzirki wagtda ýagdaýyny,
  • Lukmanlaryň maslahatyny,
  • Ýany bilem gitmek üçin gerekli bolan şahsyýeti
  • Hassanyň ýany bilen barýan şahslar barada maglumaty,
  • Uçuşa bolan islegler,
  • Telefon belgilerini.

AVIAV TM (Cofrance SARL) iş dolandyryjysy şol wagtyň özünde ýüzlenmäni kabul edip ony işläp taýýarlaýar, gatnawyň hasabyny hasaplaýar, uçuşyň aýratynlyklary barada gürrüň berýär, siziň islegleriňizi üns bilen diňleýär. Şertnamanyň netijesi we tölegi aralyklaýyn amala aşyrylýar. Çykalgasyz ýagdaýlary ýüze çykan ýagdaýynda biz eýýäm buýurmany kabul edenimizden 3 sagat soňra howa gämisi bilen üpjün etmäge taýýar.

 

Lukmançylyk dikuçarlary

Käwägt, Polosk, Baranowiç, Pinsk, Orş, Slonim ýaly özüniň hususy howa menzili ýok bolan şäherinde hassa ýüze çykýar. Hassany ulagda ýa – da otlyda hassahana alyp gelmek, bu onuň üçin agyr synag bolup durýar. Hut şonuň üçin hem lukmançylyk awiasiýasynda dikuçarlara zerurlyk ýokary bolýar

Howa gämisiniň ýörite açyk meýdançasy bar bolan islendik ýerine gonmaga ukyby bar. Daglar, suwly ýerler, jülgeler, buzly ýerler ýaly barmasy kyn bolan ýerlere uçuşy amala aşyrmaga dikuçarlaryň  ukyby bar. Dikuçarlar hassany hatda kiçi ilatly nokadyndan alyp, ony golaýdaky howa menziline ýa – da käbir ýagdaýlarda göni saýlanan hassahana eltmek mümkinçiligine eýe bolýarlar. Şondan soňra hemolar binanyň göni depesine gonýarlar.

 

Sanitar gatnawynyň aýratynlyklary

Lukmançylyk howa gämisi adaty howa gämisinden düýpgöter üýtgeşik bolýar. Onuň salonynda adaty hatarly oturgyçlar ýok. Bu ýerde, zerurlyk ýüze çykan ýagdaýynda hassany hereketsiz ýagdaýynda hassahana ýetirmek  üçin krowat bar. Bu ýer, döwrebap lukmançylyk enjamlary, derman – därileri, kömek serişdeleri bilen üpjün edilen. Lukman we hassanyň ýany bilen barýan şahslar üçin hem ýerleri göz öňüne tutulan: şepagat uýasy, sanitar, hassanyň garyndaşy.

Читайте также:  «Белавиа» меняет бизнес-модель на гибридную

Dikuçaryň borty  intensiw terapiýa, gyzgynlyga, basyşa,salonyň çyglylygyna gözegçilik etme ulgamy, kardiomonitor, defibrillýator, IWL apparady bilen üpjün edilen. Syrkawyň ýaşaýşa bolan ukybyny saklamak üçin gerekli bolan ähli serişdeleri ulanylýar.

Bular ýaly gatnaw hökmany suratda lukmanyň gatnaşmagynda amala aşyrylýar. Lukman gatnawyň dowamynda syrkawyň ýagdaýyna gözegçilik edýär, gerekli ýardamy berýär, erjellik ruhy we şähdini açyk saklaýar. Bular ýaly gatnaw howpsuz bolýar: zerurlyk ýüze çykan ýagdaýynda dikuçaryň bortunda hirurgiýa operasiçasyny geçirmek üçin ähli şertler göz öňüne tutulan.

Kä halatlarda lukmançylyk gatnawlary üçin adaty uçarlary kireýine alýarlar. Ýaşuly adamlar saglygy dikeldiş kurortyna gideninde ýa – da göwreli aýal maşgalasy bilen dogruma äkidilen ýagdaýynda şular ýaly gatnaw ýola goýulýar. Bular ýaly ýagdaýlarda ýörite enjemlaryň geregi ýüze çykmaýar. Zerurlyk ýüze çykan ýagdaýynda gerekli derman – därileri we ilkinji kömegi berjek lukmany bilen üpjün edilýär.

Jesedi jaýlanyljak ýerine elteninde hem şular ýaly gatnaw ýola goýulýar. Tabyt üçin howa gämisiniň ýörite bölümi bar, onuň garyndaşlary üçin hem ähli şertleri göz öňüne tutulan. Bular ýaly şertlerde merhumyň garyndaşlary hiç hili resmiçiligiň aladasyny etmäni, asuda ýagdaýda ony soňky ýoluna ugratmak mümkinçiligine eýe bolýarlar. Resminamalaryň ählisini AVIAV TM (Cofrance SARL) öz üstüne alýar.

 

Siziň ynamdar hyzmatdaşyňyz AVIAV TM (Cofrance SARL)

Belorussiýanyň içinde we daşary lukmançylyk gatnawlarynyň zerurlygy ýüze çykan ýagdaýynda, ony AVIAV TM (Cofrance SARL) başdan ahyryna çenli gurnaýar. Biz, 2003 – nji ýyldan bäri Fransiýanyň, Germaniýanyň, Izrailiň we başga – da ýewropa ýurtlarynyň hassahanalary bilen hyzmatdaşlyk saklaýarys we müşderilerimize hemmetaraplaýyn goldawy, şol sanda hukuk hyzmatlaryny hem ýetirýäris.

Belli bir ýagdaýyň şertlerine gabat getirip üpjün etmek üçin howa gämisine öňünden buýurma bermek amatly bolýar. Syrkawyň uçaryň ýa – da dikuçaryň howa menziline çenli  rahat barmagyny üpjün etmek üçin biz oňaýly reanimasion ulagy bilen hem üpjün  edýäris. AVIAV TM (Cofrance SARL) tarapyndan çagyrylan lukmançylyk işçileri syrkawa mylaýym gatnaşykda bolup,  uçuşyň dowamynda onuň ruhyny götermäge çalyşýarlar.

Читайте также:  Беларуская гасціннасць з "Белавія" і Cakes.by

 

Biziň müşderilerimiziň täsirlenmeleri

“Confrance”, size köp sag bolsun aýdýarys!” Enem syrkawlanda, Polaskdan Minska lukmançylyk dikuçaryna AVIAV TM (Cofrance SARL) araçy kompaniýasynyň kömegi bilen buýurma berdik. Onuň ýatan ýeri özüniňkidi we hassahana eltmegiň başga ýoly ýokdy. Gatnaw dessine gurnaldy. Biz gerekli bolan goşlarymyzy we enemiň goşlaryny hem aldyk, welin öýümize döwrebap “tiz kömek” ulagy geldi. Soňra dikuçara çenli, ol ýerdenem Minska çenli, howa menzilinde ýene – de kabinadan alyp gitdiler, biz bir pursat hem garaşmadyk. Şeýdip enemiň jany halas edildi. Biz size örän minnetdar!”

Alena we Kiril Belozerskiý ,Polosk.

 

“Nissa dogrum üçin AVIAV TM (Cofrance SARL) kömegi bilen uçary kireýine aldyk. Bu kompaniýa ýeke bir gatnawy gurnamany, eýsem Fransiýadaky lukmançylyk hyzmatyny hem bilelikde üpjün etdi”.

Marina, Minsk.

 

“Mümkinçiligiňiz bolsa lukmançylyk uçaryny hökman kireýine almaly. Belorussiýada keselleriň köpüsiniň bejerilmeýänligi sebäpli, bu daşary ýurda gidip bejergi almagyň ýeketäk ýoly bolup durýar. Men, 3 – nji derejeli onkologiýa keseli bar bolan kakama uçara buýurma berdim, kakam keseline Germaniýada şypa tapdy. Ol gaty agyr ýagdaýdady we ýöräp bilenokdy. Indi bolsa ylgaýar. Biz gaty köp ejir çekdik, ýöne boýun egmedik. “Confrance” beren kömegiňiz üçin köp sag bolsun aýdýarys!”

Alik Arzumýan, Brest.

admin

Comments are closed.